Aşgabatda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti kabul edildi

20.02.2025

Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny» atly halkara ylmy maslahatyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen alyp barýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyna syn berildi.

Adam hukuklary babatynda milli meýilnamalary we maksatnamalary işläp düzmek, Türkmenistanda demokratik institutlary kämilleşdirmek we halkara şertnamalaryna goşulmak boýunça bilelikdäki konsultatiw işleriň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna laýyklykda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri we ýakyn wagtda geçiriljek çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.