Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidentine Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda özara bähbitleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyna beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçen ýylyň oktýabrynda guralan halkara foruma işjeň gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşler asyrlaryň dowamynda iki halkyň dostlukly gatnaşyklary saklap gelýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler.
Rustam Minnihanow türkmen halkynyň milli däplerini hem-de özboluşly medeniýetini saklap galmaga Türkmenistanyň ygrarlydygyny aýratyn belläp, Aşgabada ýene bir gezek gelmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde doganlyk Tatarystan bilen köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen işi mundan beýläk-de dowam etmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli wekilçilikli forum geçiriler. Prezident Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutanyny bu foruma gatnaşmaga çagyryp, munuň iri halkara çäräniň üstünlikli geçirilmegine saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.