Halk Maslahatynyň Başlygy guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi

17.02.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berilişi ýaly, ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň günorta künjegindäki Bitaraplyk binasynyň ýanyna geldi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň geçiren iş maslahatynyň dowamynda ýurduň Bitaraplyk baýramyny mynasyp derjede guramak we dabaralary geçirmegiň maksatnamasy barada içgin durlup geçildi.

Bellenilişi ýaly, meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk işlerini maliýeleşdirmek meselelerine möhüm üns berilýär. Şeýle hem iş maslahatynda myhmanlary garşylamak, olaryň üpjünçiligini ýola goýmak, baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän günlerinde medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak, söwda medeniýetini kämilleşdirmek we baýramçylyk dabaralarynyň guramaçylyk işlerine ýaşlaryň çekilmegini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada aýdyldy.

Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýurduň ähli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň bilelikdäki tagallalarynyň zerurdygy barada aýdyldy. Bu meselede hiç zadyň ünsden düşürilmeli däldigini belläp, Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan toýlara we halkara maslahatlara gatnaşmak üçin gelýän myhmanlaryň türkmen myhmansöýerligi esasynda garşylanmalydygyny belledi. Olaryň degişli ugurlar bilen üpjün edilmegine zerur üns berilmelidigi barada aýdyldy.

Bitaraplyk baýramy mynasybetli geçiriljek duşuşyklar, halkara derejeli maslahatlaryň we medeni-köpçülikleýin çäreleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede guralmalydygy aýdyldy. Aýratyn-da, şäheriň ekologiýa derejesine zerur üns berilmelidigi bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän döwründe söwda we hyzmatlar ulgamynyň işiniň ýokary derejede ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde, şanly senäniň nyşanlaryny özünde jemleýän sowgatlyk önümleriň taýýarlanylmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigi nygtaldy.

Gahryman Arkadag şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň hem yzygiderli ýola goýulmagynyň möhüm wezipedigini aýtdy. Şunda jemagat hojalygy üçin niýetlenen ýörite tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagyna möhüm üns berilmelidigi bellenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy baýramçylyk dabaralaryna taýýarlygyň çäklerinde halkara derejede geçiriljek maslahatlaryň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýasynyň ýörelgelerine laýyk gelmelidigini belledi.

Aýratyn-da, baýramçylyk mynasybetli geçiriljek halkara forumlaryň Türkmenistanyň ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän Bitaraplyk derejesine laýyklykda guralmalydygy aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, hemişe bolşy ýaly, baýramçylyk günlerinde-de tertip-düzgüniň berk berjaý edilmeginiň, ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň ýola goýulmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

Gahryman Arkadag Aşgabadyň taryhy ähmiýeti bolan mukaddes künjeginde ýaýbaňlandyryljak baýramçylyk dabaralarynda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara giňişliginde ykrar edilýändigini aňladýan wakalaryň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň teklibi boýunça kabul edýän çözgütleriniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi we bu babatda öz öwüt-ündewlerini berdi.