Singapuryň porty dünýäde iň uly konteýner portlarynyň arasynda ikinji orny eýeläp, onuň 2023-nji ýylyň dowamynda şu ugurda amala aşyran dolanyşygy 39 million TEU barabar boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň netijesi bilen deňeşdirilende, 4,6% artykdyr. Ýylyň ahyrky çärýegindäki ösüş bolsa ýylyň-ýylyna 8% ýokarlandy.
Dekabr aýynda portda islegleriň birden ýokarlanmagy Şanhaýda bellige alnan derejä ýetip bilmedi. Muňa garamazdan, haryt dolanyşygy 3,4 million TEU-dan hem ýokary derejä ýetdi. Daşalan konteýner ýükleriniň agramy 2023-nji ýylyň ahyrynda Singapurda 2,7 % ýokarlandy we 350 million tonnadan geçdi. Şeýlelikde, konteýnerler portuň umumy ýük dolanyşygynyň 59 %-den gowragyny emele getirýär. Dolanyşygyň 32 %-i nebit ýüklerini daşamak bolup, bu ugurdaky görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 0,7% ösüşden ybaratdyr. Munuň özi 192 million tonna çemesi ýüküň daşalandygyny aňladýar. Portuň 2023-nji ýylyň dowamynda amala aşyran umumy ýük dolanyşygy 591,7 million tonna barabar bolup, munuň özi 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende +2,3% netijäni emele getirýär.