«Ahalawtoulag» önümçilik birleşigi sürüjiler üçin boş iş orunlarynyň bardygyny yglan etdi. Iş ýerleri degişli sürüjilik şahadatnamasy we ýeterlik iş tejribesi bolan adamlar üçin açykdyr.
«Toyota Corolla» kysymly taksi awtoulaglaryny sürmek üçin «B» kategoriýaly sürüjilik şahadatnamasynyň bolmagy talap edilýär.
«Hyundai Aero City» şäher awtobuslaryny sürmek üçin bolsa «D» kategoriýaly sürüjilik şahadatnamasynyň bolmagy talap edilýär.
«Kamaz 65 20» kysymly, umumy agramy 20 tonnalyk ýükleri daşamak üçin niýetlenen ulaglary dolandyrmaga «C» derejeli sürüjilik şahadatnamasynyň bolmagy talap edilýär.
Işe ýerleşmek isleýän dalaşgärler goşmaça maglumatlary almak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip, ýüz tutup bilerler: +993132 4-09-06, +993132 7-27-84.