Eýran serhedinden Türkmenistanyň Gumdag şäherine çenli awtomobil ýoly çekiler

11.02.2025
Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň barşynda ulag pudagynyň hem iki goňşy ýurduň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridigi aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Eýran Aziýa bilen Ýewropanyň, Hazar deňzi bilen Pars aýlagynyň arasynda geografik taýdan amatly ýerleşýärler, bu bolsa iki döwlet üçin ulag-logistika ulgamynda örän netijeli hyzmatdaşlyga ýol açýar. Şunuň bilen baglylykda, eýran serhedinden Türkmenistanyň Gumdag şäherine çenli çekiljek awtomobil ýolunyň ähmiýeti bellenildi. Bu taslamany amala aşyrmak üçin degişli Ähtnama gol çekildi. Taslama boýunça eýran kompaniýasy potratçy bolup çykyş edýär. Şoňa görä-de, degişli döwlet edaralaryna we kompaniýalara bu taslamany durmuşa geçirmek üçin tabşyryk bermek teklip edildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.