Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

10.02.2025

8-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygyna täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary görkezildi. Şeýle-de Gahryman Arkadag täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarda oturdylmaly şekiller barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadag täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähler toplumynda oturdyljak şekilleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we şekillere degişli düzedişleriň girizilmelidigini tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Halk Maslahatynyň Başlygy şekil taslamalary we desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.

Gahryman Arkadag täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähde ýerleşdiriljek oturgyçlar barada birnäçe maslahatlaryny berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.