Türkmenistan bilen Özbegistan halkara ýük daşaýjylary üçin wiza tertibini ýönekeýleşdirjek şertnamany taýýarlaýar

13.01.2024

Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýük daşaýjylaryndan halkara awtomobil gatnawlary üçin alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň meseleleri boýunça Türkmen-özbek bilermenler toparynyň mejlisi geçirildi. 

Wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen maslahatda görkezilen meselelere seredildi:

Halkara ýük daşamak işi üçin Özbegistanda we Türkmenistanda ýük daşaýjylardan ýygnalan ýygymlary we tölegleri optimizirlemek

Türkmenistanyň we Özbegistanyň çägi boýunça halkara ýük daşamalaryna gatnaşyjylara wiza almak işini ýönekeýleşdirmek üçin hökümetara şertnamanyň taslamasyna gol çekilmegini çaltlandyrmak.

Geljekki hyzmatdaşlygyň maksatlary.

Duşuşykda türkmen tarapy özbek tarapynyň hakyky wagtynda rugsatnamalaryň elektron görnüşindäki alyş-çalşygyny üpjün edýän «E-permit» ulgamyna geçmek tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi.