Hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy

05.02.2025

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.

Resminama Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edildi.