2023-nji ýylda «Astara» terminalyndan 700 müň tonna çemesi ýük daşaldy

12.01.2024

2023-nji ýylda Halkara Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň iň möhüm gurluş bölümleriniň biri bolan «Astara» terminalyndan takmynan 700 müň tonna ýük daşaldy.

«Trend» tarapyndan berlen habarda aýdylşy ýaly, «Azerbaýjanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mümkinçilikleriniň esasynda daşalan ýüküň umumy göwrümi terminalyň işe başlan ýyly — 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende üç esse köpdür.

Häzirki wagtda terminalda awtomobil köprüsini, Kemerbendi köprüsini, demir ýol köprüleriniň dördüsini, hyzmat binalarynyň onusyny we platformalaryň ikisini gurmak boýunça işler dowam edýär. 2024-nji ýylda terminalyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, ýük daşamagyň ýylda 3,5-4 million tonna çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Geçirilýän ýükleriň özeni agaç, gurluşyk materiallary, himiki önümler, galla önümleri, miweler, gök hem-de konserwirlenen önümler, azyk we alkogolsyz içgiler bolar.

Azerbaýjan bilen Eýranyň hökümetleriniň arasynda «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň çäginde gazanylan şertnama laýyklykda global söwdany ösdürmek üçin «Astara» terminalynyň gurluşygynyň 2017-nji ýylda başlanandygyny hem bellemelidiris.