Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny 3 million manat pul baýragy bilen sylaglady
03.02.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 3 million manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi we adamzat siwilizasiýasynyň gymmatly genji-hazynasy bolan, dünýä atçylyk medeniýetinde abraýly orun eýeleýän, milli buýsanja we şan-şöhrata, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungatyny, atlary bezemek däplerini, milli atçylyk sportuny we at üstündäki oýunlary mundan beýläk-de ösdürmek, behişdi ahalteke bedewleriniň durmuşda we sungat äleminde eýe bolan möhüm ähmiýetini giňden wasp etmek, ýaş nesilleriň arasynda bedew ata we atçylyk sportuna söýgini we gyzyklanmany artdyrmak maksady bilen, şeýle hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň ýurtda milli atçylyk sportuny yzygiderli esasda ösdürmäge, behişdi ahalteke bedewlerini halkara giňişlikde hemmetaraplaýyn tanatmaga goşýan uly goşantlaryny we bu ugurda gazanýan ajaýyp üstünliklerini nazara alyp kabul edildi.