Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

01.02.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy iş saparynyň barşynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarda oturdylmaly şekiller barada hasabat berdi. Gahryman Arkadag täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähler toplumynda oturdyljak şekilleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we şekillere degişli düzedişleriň girizilmelidigini tabşyrdy. Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi hem-de durky täzelenmegi meýilleşdirilýän önümçilik we durmuş maksatly binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar, durky täzelenýän desgalarda alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýy we onuň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän bilelikdäki tagallalar barada hasabat berdiler. Görkezilen taslamalaryň hatarynda Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän sil suw akabasynyň üstünden geçýän köpriniň we onuň germewleriniň görnüşleri, seýilgähiň şekil taslamasy we Gökdepe şaýolunyň ugrunda üstaşyr geçýän durky täzelenýän köp zolakly köpriniň şekil taslamalary we bu desganyň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri, awtobus duralgasynyň taslamasy bar. Halk Maslahatynyň Başlygy şekil taslamalary we desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Gahryman Arkadag täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ünsden düşürilmeli däldigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.