Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde koreý we ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy
01.02.2025
![](https://awtohyzmat.gov.tm/uploaded_images/x3C7CzKpHDim2YrzPz2s4oTbMyoCzABqRDzRFq8Z.jpg)
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
TDH-niň habar berşi ýaly, iş saparynyň barşynda Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda ýurtda köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýan Koreýa Respublikasynyň “Korea Meditech Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny hem-de Ýaponiýanyň Koreýadaky “Sumitomo” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi.
Gahryman Arkadag Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny belläp, Balkan welaýatynyň Gyýanly we Garabogaz şäherçelerinde amala aşyrylan taslamalaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn netijesidigini aýtdy. Ýurtda işlenip taýýarlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterine degişli binalaryň gurulmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, lukman Arkadag bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine döwlet derejesinde üns berilýändigini belledi.
Koreýa Respublikasynyň lukmançylyk edaralaryny enjamlaşdyrmak we gurmak boýunça oňyn tejribe toplan kompaniýasynyň ýolbaşçysy häzirki döwürde bu kompaniýanyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Ol Arkadag şäherinde meýilleşdirilen taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmagyň özleri üçin uly mertebedigini nygtady we ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
“Sumitomo” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşygyň dowamynda özlerine bildirilen ynam üçin Gahryman Arkadaga we hormatly Prezidente hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň ugurdaş kompaniýasynyň wekilleri bilen sazlaşykly işläp, kesgitlenen taslamanyň ýokary derejede amala aşyrylmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. Şeýle hem ol dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga örän şatdygyny nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini, türkmen tebigy gazynyň arassalyk babatda halkara ekologik talaplara laýyk gelýändigini belläp, lukmançylyk serişdelerini öndürmek üçin niýetlenen çig malyň hil derejesiniň örän ýokarydygyny nygtady. Türkmenistanda ekologik taýdan arassa, saglygy goraýyş babatda ähmiýetli ýod önümçiliginiň, buýan köküni taýýarlamagyň talabalaýyk alnyp barylýandygyna ünsi çekip, lukman Arkadag bu önümlere halkara giňişlikde uly isleg bildirilýändigini aýtdy. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynda öndürilýän serişdeleriň ekologiýa we hil babatda ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasterine degişli binalaryň enjamlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidigini belläp, Milli Lider bu ugurdaky işleriň ylmyň ýokary gazananlary, täzeçil tehnologiýalar esasynda ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň iki tarap üçin hem ähmiýetli boljakdygyny we gatnaşyklaryň ykdysady taýdan bähbitlidigini aýdyp, Gahryman Arkadag hyzmatdaş kompaniýalar bilen tutuş dünýä ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigine ünsi çekdi. Şeýle-de ýerine ýetirilýän gurluşyk we enjamlaşdyryş işleriniň ýokary hil derejesine eýe bolmagy, ornaşdyrylýan enjamlaryň häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna esaslanmalydygy aýdyldy. Şunda Arkadag şäheriniň ýolbaşçylary bilen bilelikde iş alnyp barylmalydygyny aýdyp, Gahryman Arkadag hyzmatdaş kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna üstünlikleri arzuw etdi.