Türkmenistan bilen ÝHHG-niň hyzmatdaşlygynyň 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy tassyklanyldy

01.02.2025
Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Hasabatda geçen ýylyň dowamynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň esasy düzüm birlikleriniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny we nukdaýnazarlaryny öňe sürmek boýunça degişli işleriň geçirilendigi bellenildi. Ýerine ýetirilen işleriň netijelerini jemlemek maksady bilen, 2024-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Malta Respublikasynyň La-Walletta şäherinde bu gurama agza ýurtlaryň her ýylda geçirilýän Geňeşiniň ministrler derejesindäki nobatdaky maslahaty boldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň halkara we sebitleýin derejelerde parahatçylygy, howpsuzlygy, ekologiýa we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary beýan edildi. Şunda Bitaraplyk syýasatynyň mümkinçiliklerini halkara gatnaşyklarda ulanmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen 2025-nji, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny bilelikde dabaraly bellemek hem-de parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini bu guramanyň gün tertibine girizmek teklip edildi. Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi we Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde 2025-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň Meýilnamasynyň taýýarlanylandygyny habar berdi. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça anyk çäreleriň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Umuman, şu ýyl taslamalaryň 40-syny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, syýasy ulgamda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, kiberhowpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ykdysady we ekologiýa ugurlarynda birnäçe taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Olar ykdysadyýeti hem-de sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologiýa howpsuzlygyny berkitmek we howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleriň çözülmegine gönükdirilendir. Mundan başga-da, ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly birnäçe taslamalar meýilleşdirildi. Olaryň çäklerinde ylym we bilim, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, Türkmenistanyň demokratik institutlarynyň binýadyny kämilleşdirmek, gender deňligini üpjün etmek, raýatsyzlyk meselelerini çözmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek ulgamlarynda degişli çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdygyny belledi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyny makullap, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.