Serdar Berdimuhamedow Donald Trampa Waşingtondaky uçar heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi
31.01.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Waşington şäheriniň Ronald Reýgan howa menziliniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
ABŞ-nyň Waşington şäheriniň Ronald Reýgan adyndaky howa menziliniň golaýynda «Bombardier CRJ700» kysymly ýolagçy uçary bilen ýurduň harby güýçlerine degişli bolan «Black Hawk» dikuçary çaknyşdy. Ýurduň habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, «American Airlines» awiakompaniýasynyň Kanzas ştatyndan paýtagta uçan 64 ýolagçyly uçary 90 metr beýiklikde harby dikuçar bilen çaknyşandan soňra üç bölege bölünip, Potomak derýasyna gaçdy. Deslapky maglumatlara görä, hadysadan aman galan ýolagçylary gözlemek işleri dowam edýär.