Awtoulagda halkara gatnawlaryny amala aşyrýan daşaýjylaryň dykgatyna!

11.01.2024

Awtoulagda halkara gatnawlary amala aşyrýan daşaýjylar üçin amatly we oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 2024-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlap, daşary döwletleriň rugsatnamalaryny bermek we resmileşdirmek çäk degişliligi «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň bölümleri, ýagny Ahal welaýatynda we Aşgabat şäherinde Rugsatnamalar we resminamalary seljeriş bölümi, sebitlerde bolsa Balkan, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýatlary boýunça ulaggözegçilik bölümleri, şeýle hem, Özbegistan, Gazagystan we Azerbaýjan Respublikalarynyň rugsatnamalaryny bermek hem-de resmileşdirmek bolsa Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki ulaggözegçiligi gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.

Mundan başga-da, Azerbaýjan Respublikasynyň rugsatnamalaryny bermek we resmileşdirmek Türkmenbaşy halkara deňiz porty gözegçilik-geçiriş ýerinden beýleki nokatlara (Artyk, Howdan, Sarahs, Garabogaz, Altyn asyr, Daşoguz, Köneürgenç, Gazojak, Farap, Ymamanazar, Tallymerjen hem-de Serhetabat) awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerlerinden çykmak we girmek Azerbaýjan Respublikasynyň üsti bilen gelýän ýük awtoulag serişdeleriniň daşaýjylaryna çäk degişliligi boýunça «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň degişli bölümleri tarapyndan amala aşyrylýar.

Ahal welaýatynda we Aşgabat şäherinde Rugsatnamalar we resminamalary seljeriş bölümi:

Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 126-njy jaý.

Telefon belgisi: +993 12 39-02-61.

Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerde ulaggözegçiligi gullugy:

Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 126-njy jaý.

Telefon belgisi: +993 12 39-02-74.

Balkan welaýaty boýunça ulaggözegçilik bölümi:

Salgysy: Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Beýik Ýüpek ýoly köçesiniň ugrynda ýerleşýän ýolagçy awtomenzili.

Telefon belgisi: +993 61 08-86-62.

Daşoguz welaýaty boýunça ulaggözegçilik bölümi:

Salgysy: Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň Ylham köçesiniň 5-nji jaýy.

Telefon belgisi: +993 322 6-64-95.

Lebap welaýaty boýunça ulaggözegçilik bölümi:

Salgysy: Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 2-nji senagat zolagyndaky Mary-Türkmenabat şossesiniň ugrunda ýerleşýän «Altyn-asyr» awtoduralgasy.

Telefon belgisi: +993 61 94-54-44.

Mary welaýaty boýunça ulaggözegçilik bölümi:

Salgysy: Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Ýeňişiň 50-ýyllygy köçesi 52-nji jaýy.

Telefon belgisi: +993 522 5-60-28.