Mihail Gusmanyň Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren söhbetdeşligi «Häkimiýet ýörelgesi» atly kitabyň saýlama neşirine girizildi

25.01.2025
Görnükli žurnalist, «TASS» habarlar agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň «Häkimiýet ýörelgesi» atly kitabynyň bäşinji neşiri çap edildi. Meşhur žurnalistiň doglan gününiň 75 ýyllygy, şeýle-de «Häkimiýet ýörelgesi» atly telewizion gepleşiginiň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli çap edilen kitaba 75 sany saýlama söhbetdeşlik girizilipdir. Kitapda žurnalistiň 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren söhbetdeşligi hem ýerleşdirilipdir. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, «Häkimiýet ýörelgesi» atly täze neşir žurnalistiň 2020 – 2024-nji ýyllar aralygyndaky söhbetdeşliklerini öz içine alýar. Awtoryň döwlet we hökümet Baştutanlary, iri guramalaryň ýolbaşçylary bilen geçiren söhbetdeşliklerinde halkara hyzmatdaşlygyna, ýurtlaryň ösüş ýoluna, häzirki jemgyýetdäki gymmatlyklara we gahrymanlaryň şahsy häsiýetlerine üns berilýär. Mihail Gusman: «Kitabyň gahrymanlary bolan söhbetdeşlerime täze müňýyllygyň esasy kynçylyklaryna jogap tapmak üçin, halk tarapyndan uly wezipe ynanyldy. Umuman, «Häkimiýet ýörelgesi» atly gepleşigiň 25 ýyllyk taryhynyň dowamynda 500-e golaý ýokary wezipeli adamlar bilen söhbetdeşlik geçirildi. Olar dürli ýyllardaky kitaplara hem girizildi» diýip, belläp geçýär. Ilçihananyň habar berşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri görnükli žurnalist Mihail Gusmana 75 ýaş ýubileýi mynasybetli, gutlag hatyny ýollady. Gahryman Arkadag gutlag hatynda bütin dünýäde uly hormata eýe bolan, žurnalistikada ýadawsyz iş alyp baryp, baý tejribe toplan halypa žurnaliste berk jan saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygy, şeýle hem jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Ýeri gelende bellesek, žurnalist Mihail Gusmanyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen 2021-nji ýylyň oktýabrynda geçiren söhbetdeşligi milli we halkara habar beriş serişdelerinde köpçülikleýin gyzyklanma döreti. Söhbetdeşliginiň dowamynda döwlet Garaşsyzlygy gazanylandan soňky ýyllarda Türkmenistanyň ýeten üstünlikleri, sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça ýurduň eýeleýän esasy ýörelgeleri, Russiýanyň hem-de daşary ýurtlaryň köp sanly okyjylaryny gyzyklandyrýan sowallary boýunça sowal-jogap alşyldy. 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli taýýarlanylan söhbetdeşlik türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýän häzirki 2025-nji ýylda hem dünýä okyjylarynda uly gyzyklanma döreder.