Türkmenistan we ÝB ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmegi dowam etdirer
25.01.2025
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi ulag pudagynda işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirer. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa 2024-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerine we 2025-nji ýylda bilelikdäki işleriň geljegine bagyşlanan metbugat maslahatynda habar berdi. Maslahat şu gün Türkmenistanyň DIM-nde geçirildi.
M.Bäşimowa ulag pudagynyň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biridigini aýtdy. Geçen ýyl Brýusselde «Global Geýts» forumy geçirildi, netijede Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ulag aragatnaşygyny ösdürmek üçin utgaşdyryjy platforma döredildi. Oktýabr aýynda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ulag ministrleri derejesinde ýokary derejeli duşuşyk geçirildi.
ÝB-niň Aşgabatdaky ilçisi Beata Peksa şu ýyl ÝB-niň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. ÝB parlamentarleri Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerinde bolarlar. Olar Hazar ulag geçelgesinde möhüm nokat hasaplanylýan, ýewropaly maýadarlaryň ünsüni özüne çekýän Türkmenbaşy porty bilen tanyşarlar.