Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy

05.01.2024

4-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlandy.

Iş saparyň çäklerinde BAE-niň Prezidentiniň «Al Şati» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.

BAE-niň Prezidenti belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, ähli ugurlar boýunça uly mümkinçiliklere eýe bolan köpýyllyk döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge berýän aýratyn ünsi hem-de goldawy üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň Baştutanyna mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň dekabrynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparyny aýratyn mähirli duýgular bilen ýatlaýandygy bellenildi.

Hormatly Arkadagymyz bu gezekki saparyň biziň halklarymyzyň arasyndaky ýakyn, ynanyşykly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirip, Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany ýaňy-ýakynda Dubaý şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (COP28) üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Birleşen Arap Emirlikleri biziň dostumyzdyr, ygtybarly ykdysady we söwda hyzmatdaşymyzdyr, häzirki döwrüň köp sanly örän möhüm soraglaryny çözmekde pikirdeşimizdir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini nygtap, ýurdumyzyň öňe sürýän, durnukly hem-de ählumumy ösüşe gönükdirilen ähli başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy.

Ynanyşmak, dostluk ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler taraplaryň iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine däp bolan gatnaşyklary ösdürmäge mundan beýläk-de uly üns bermäge meýillidigini tassykladylar. Umumy pikire görä, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitet hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary depginli ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen birlikde, türkmen-emirlikler ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary hem kesgitlenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ulgamlarynyň hatarynda energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat we agrosenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlar bar.

Gahryman Arkadagymyz geljegi uly ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek babatda täze, anyk başlangyçlary beýan edip, tiz wagtda iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin, olaryň emirlikler tarapyndan doly goldawa mynasyp boljakdygyna ynam bildirdi. Ylym, medeniýet, sport ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Şunlukda, ozal gazanylan ylalaşyklar seljerilip, degişli karara gelindi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we BAE-niň Prezidenti mähirli hoşlaşyp, ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler we iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.