Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny gutlady

22.01.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako saparyny tamamlap, Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinde Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş eden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. TDH-niň habar berşi ýaly, hormatly Arkadagyň Monakoda saparda bolýan günlerinde at üstündäki oýunlar topary halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Halk Maslahatynyň Başlygy «Galkynyş» toparynyň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, şol sanda Monako Knýazlygy bilen medeni hyzmatdaşlygy giň gerim bilen ösdürýändigini, milli atçylyk sportuny ösdürmek ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalyna «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynyň türkmen halkyny diýseň buýsandyrýandygyny, behişdi bedewleriň ençeme asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň ýakyn syrdaşy bolmak bilen, ýurduň ösüşleriniň beýanyna öwrülendigini aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy bu toparyň ençeme halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara mynasyp bolandygyny, dünýäniň çar künjünde türkmen tuguny belende göterendigini, dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda 5 gezek baş baýraga mynasyp bolup, dünýä çempiony diýen belent derejä eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. "Ynha, bu gün hem Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda türkmen tuguny belentde parladyp, baş baýraga mynasyp bolduňyz. Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýdyňyz. Siziň geljekde hem halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, milli atçylyk sungatymyzyň şan-şöhratyny beýgeltjekdigiňize berk ynanýaryn" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Gahryman Arkadag «Galkynyş» toparynyň agzalaryny täze ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda gazanan uly üstünligi, beýik ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy bolup işlän, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň halk atşynasy, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew toparyň dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, ýeňişleri gazanandygyny hem-de bu ýeňişleriň Gahryman Arkadagyň we Arkadagly Gahryman Serdaryň döredip berýän mümkinçilikleriniň aýdyň netijesidigini buýsanç bilen belledi. P.Baýramdurdyýew pursatdan peýdalanyp, toparyň ähli agzalarynyň adyndan gazanylan ýeňiş bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hoşallyklaryny beýan etdi. Gahryman Arkadag “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny gazanan ajaýyp ýeňşi bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de olara üstünlikleri arzuw etdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinden Aşgabada ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadagyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Milli Lideri ýurduň resmi adamlary garşyladylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş bolup, Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň hem-de onuň dowamynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini belledi. Gahryman Arkadagyň nygtaýşy ýaly, bu sapar Ýewropa ýurtlary, şol sanda Monako Knýazlygy bilen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam eder hem-de Türkmenistanyň we Monakonyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny açar.