Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda, 2024-nji ýylyň ýanwaryndan «Garabogaz» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek işi başlanýar. Şu karar bilen, bu gümrük nokady üçin awtoulag serişdelerini barlaýan rentgen barlag enjamy hem satyn alnar we gurnalar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berdi.
«Garabogaz» gümrük nokady Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen araçäkleşýän serhedinde ýerleşýär. Gümrük statistikasynyň görkezýän maglumatlaryna görä, soňky döwürde bu nokadyň üsti bilen geçýän, şol sanda üstaşyr geçirilýän ýükleriň sany birsyhly artýar.
Gümrük nokadynyň durkuny täzelemek bilen bagly taslamanyň maksady gümrük nokadynyň çägini giňeltmäge, ony täzeden enjamlaşdyrmaga we geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Gurluşyk işlerini 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.
«Garabogaz» gümrük nokadynyň infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy bu ýerden geçirilýän ýükleri gümrük taýdan resmileşdirmek işleri üçin wagty azaltmaga, şunuň bilen birlikde, haryt akymlarynyň möçberini artdyrmaga, şeýle hem bu ýerde ornaşdyryljak enjam arkaly ýurdumyzyň çägine getirilýän harytlaryň hilini ýokary takyklyk bilen barlamaga ýardam eder.