Gallaçy kärendeçileriň azap siňdirip ýetişdiren bereketli bugdaý hasylyny tiz we yrýasyz ýygnap, galla kabul ediş nokatlaryna daşamakda «Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň öz kärine ussat sürüjileri gaýratly zähmet çekýärler.
Häzir bu birleşigiň 200 töweregi ýük göterijiligi ýokary bolan kuwwatly awtoulagy galla oragynda gurat hem bökdençsiz işledilýär. Munuň üçin tehniki hyzmatlar oragyň gidýän ýerlerinde iş üstünde guralýar. Bu bolsa däne orýan kombaýnlaryň ýygnan hasylyny çalt we ýitgisiz daşamaga ýardam edýär.
Bu möhüm işe şahsy awtoulagy bolan sürüjileriň goşantlary has-da uly. Olar 2400-den gowrak awtoulagy gurat we saz işledip, bu döwletli işe ýakyndan ýardam berýärler. Şeýlelikde, sürüjileriň agzybirlikli çekýän zähmetiniň netijesinde welaýat boýunça her gün müňlerçe tonna ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli guşgursak bugdaý hasyly Watan harmanyna gelip gowuşýar.