«Volkswagen» we «Xpeng» Hytaýda zarýad beriji beketleriň toruny döredýär
08.01.2025
«Volkswagen» we «Xpeng» Hytaýyň çäginde elektrik awtoulaglary üçin infrastrukturany bilelikde ösdürmek barada strategik ylalaşyk baglaşdylar. Kompaniýalar öz zarýad beriji beketleriniň toruny birleşdirmegi we giňeltmegi maksat edinýärler – diýip, auto.ru saýty habar berýär.
Hyzmatdaşlygyň birinji tapgyrynda awtoulag öndürijiler bar bolan infrastruktura özara elýeterliligi üpjün ederler, ol eýýäm HHR-niň 420 şäherinde 20 müňden gowrak zarýad beriji nokady öz içine alýar. Bu iki markanyň elektromobilleriniň eýelerine ähli birleşdirilen zarýad beriji beketleriň torundan peýdalanmaga mümkinçilik berer.
Geljekde hyzmatdaşlar diňe bir öz ýerleşýän geografiýasyny giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem täze bilelikdäki brend astynda aşa çalt zarýad beriji enjamlaryny öndürmegi hem ýola goýmagy meýilleşdirýärler.
Bu taslamanyň kompaniýalaryň 2023-nji ýylda «Volkswagen» kompaniýasynyň «Xpengiň» 5% paýyny satyn almaga 700 million dollar maýa goýan wagtyndan bäri başlanan strategik hyzmatdaşlygynyň dowamy bolandygyny bellemek gerek.