Türkmenistanyň Prezidenti toplumlar boýunça 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady

04.01.2025
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlisiň barşynda wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümleri boýunça 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hem hasabatlary berdiler. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň ýazmagyna görä: Ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada aýdylanda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alnyp taýýarlanylan meýilnamalarda makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek, sanly ykdysadyýeti ilerletmek, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek, durmuş-ykdysady ösüşi, pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýy, Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazanmak, maýa goýum syýasatyny kämilleşdirmek, döwlet emlägini we maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça işleri guramak, ulgama öňdebaryjy halkara tejribeleri ornaşdyrmak hem-de kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bank we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny, standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmek, milli statistika edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” hem-de “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sanly ulgama geçmek boýunça şu ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berildi. Nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2025-nji ýyl üçin taýýarlanylan iş meýilnamalaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan nebitgaz känlerini özleşdirmek, tebigy we ugurdaş gazy, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna eksport etmek, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek, nebit önümlerini içerki sarp edijilere we daşarky bazarlara ibermek wezipeleri göz öňünde tutuldy. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebite we gaza baý bolan gurluşlary ýüze çykarmak, gaty magdanlary we ýerasty suwlary gözlemek hem-de olaryň gorlaryny artdyrmak, ylmyň soňky gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly işleri alyp barmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, mawy ýangyjyň gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy şu ýyl durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulan iň möhüm wezipeleriň hatarynda bellenildi. Oba hojalyk pudagy boýunça 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynda topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly işler, şol sanda oba hojalygyny we weterinariýa işini ösdürmek, ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini döretmek hem-de olary önümçilige ornaşdyrmak, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, suw hojalygyny ösdürmek, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly işler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem meýilnamalarda pagta we ýüpek senagatyny ösdürmek, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümler bilen senagat kärhanalarymyzy üpjün etmek, galla senagatyny ösdürmek, ilaty galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, azyk senagatyny ösdürmek hem-de azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak, atçylygy ösdürmek, behişdi ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak hem-de olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem topluma degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, olaryň işiniň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Ýurduň gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň iş meýilnamalaryna laýyklykda, ýurtda gurluşygy dowam edýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan işleriň hiline gözegçilik etmek, gurluşyklary we milli ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek, ugurdaş täze döwrebap kärhanalary gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, himiýa senagaty pudagynyň eksport mümkinçiligini artdyrmak, önümleriň täze görnüşlerini öndürmek, hereket edýän kärhanalary taslama kuwwatyna çykarmak, awtomobil ýollaryny we köprüleri döwrebaplaşdyrmak hem-de täzelerini gurmak boýunça işleri dowam etdirmek, Aşgabat şäherinde bolsa medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň we awtoýollaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Söwda toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynda ýurduň içerki bazarynda haryt bolçulygyny hem-de bahalaryň durnuklylygyny mundan beýläk-de üpjün etmek, söwda ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has doly we netijeli ulanmak, hususy pudagyň milli ykdysadyýetdäki ornuny pugtalandyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar. Medeniýet ulgamynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri geçirmek, döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek, halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni mirasy öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärliklerde alnyp barylýan degişli işleri dowam etdirmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, muzeýleriň we kitaphanalaryň, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, teatrlarda döwrüň ruhuny beýan edýän eserleri sahnalaşdyrmak boýunça degişli işler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem döwlet maksatnamalaryndan we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etmek, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan dürli filmleri surata düşürmek, ýurtda gazanylýan üstünlikleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek göz öňünde tutulýar. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň iş meýilnamalarynda ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri dowam etdirmek, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullarynydyr sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, bedenterbiýäni, sporty we olimpiýa hereketini ösdürmek, ýurtda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar hem-de ylym ulgamlaryna çekmek bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, netijeli önümçilik we ylmy işleri alyp barýan hünärmenleriň, alymlaryň neslini kemala getirmek, ýurduň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, ösüşlerini, milli medeni mirasy wagyz etmek boýunça wezipeler we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar. Ulag we kommunikasiýalar toplumynyň düzüm birlikleriniň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryna laýyklykda, şu ýyl döwrebap demir ýol, awtomobil we howa menzilleriniň, deňiz gämileriniň, häzirki zaman önümçilik we durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşyklarynyň dowam etdirilmegi, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy meýilleşdirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisde agzalan iş meýilnamalaryny makullady we toplumlara gözegçilik edýän ýolbaşçylara bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.