Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
04.01.2025
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ony Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlisi, şeýle-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady.
Döwlet Baştutanynyň täze kitabynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ähmiýeti, dünýä edebiýatyna goşan ägirt uly goşandy, şahyryň ýubileý toýy bilen bagly geçirilen çäreler giňden beýan edilýär, şeýle hem geçen ýyl Türkmenistanda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jemi jemlenýär.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň çykyşlarynda şeýle ajaýyp kitaby sowgat edendigi üçin hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk we alkyş sözleri aýdyldy hem-de döwlet Baştutanynyň eserleriniň höwrüniň köp, galamynyň has-da ýiti bolmagy arzuw edildi.
Döwlet Baştutanynyň täze kitaby ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň jemgyýetçilige niýetlenilendir.
Kitabyň mazmuny “Magtymgula düşünmegiň açary”, “Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary”, “Pähim-paýhas ummany”, “Parahatçylygyň şahyry”, “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry”, “Halk ýadyndan aýrylma”, “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar” we “Hakyň hem hakykatyň ýolunda” atly bölümleriň sekizisinde beýan edilýär. Kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde — türkmen, rus we iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde giň halk köpçüligine ýetirildi. Onuň sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli eserleriniň suratlary-da ýerleşdirilip, kitap owadan fotosuratlar bilen hem bezelipdir.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze işinde beýik akyldar şahyryň ömrüni, edebi mirasyny öwrenmäge goşant goşan zehinli alymlaryň, professorlaryň, edebiýatçylaryň, daşary ýurtly bilermenleriň atlarynyň agzalyp, olaryň bitiren işlerine baha berilmegi aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen döredilen “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyna we beýleki hormatly atlara, nyşanlara mynasyp bolanlaryň ählisiniň sanawyny, şahyryň 300 ýyllyk baýramy mynasybetli beýleki resminamalary özünde jemlän bu eser “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyndan geljekki nesillere özboluşly ýadygärlikdir diýip, çykyş edenler aýtdylar. Bu barada TDH habar berýär.