Azerbaýjanyň Sanly ösüş we ulag ministrligi ulag logistikasy boýunça sanly maglumat ulgamynyň taslamasynyň konseptini taýýarlady. Muny Azerbaýjanyň sanly ösüş we ulag ministriniň orunbasary Rahman Gummatowyň azerbaýjan — türk maýa goýum forumynyň çägindäki panel çykyşynda aýdandygyny «Trend» habar berýär. Ol munuň örän uly taslamadygyny belledi.
«Azerbaýjanyň üsti bilen geçjek ýük akymlarynyň ähli amallaryny — resminamalary, ygtyýarnamalary we rugsatnamalary almak bilen baglanyşykly şertnamalara gol çekmekden başlap, ulag usullaryny saýlamaga çenli sanlaşdyrmak meýilleşdirilýär» — diýip, R.Gummatow belledi.
Bakuwdaky azerbaýjan-türk maýa goýum forumynyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekmek möhümdir. Forumyň çäginde azerbaýjan-türk hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin mümkinçilikler göz öňünde tutulyp, maýa goýum we hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekilýär. Bu çärä iki ýurduň döwlet edaralarynyň we hususy pudagyň 600-den gowrak wekili gatnaşýar.
Forum maýa goýum, söwda, oba hojalygy, goranyş senagaty, «ýaşyl» energiýa we saglyk syýahatçylygy pudaklaryny özünde jemleýär.