Gazagystanyň Abaý sebitinde uzynlygy 272 kilometre barabar boljak Bahty-Aýagoz demir ýolunyň gurluşygynyň başlanandygyny «Trend» habar berdi.
Taslama Prezident Kasym Žomart Tokaýewiň görkezmesine laýyklykda durmuşa geçirilýär we ýurduň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Gurluşyk wagtynda Hytaý bilen Bahty — Çuguçak ugry boýunça üçünji serhet geçelgesini açmak meýilleşdirilýär.
Täze demir ýol Gazagystan bilen Hytaýyň arasyndaky ýük geçiriş kuwwatyny 28-den 48 million tonna çenli ýokarlandyrar we goşmaça tranzit mukdaryny özüne çekmek bilen, günorta serhet geçelgelerindäki dyknyşyklary azaldar. Goşa ugurly demir ýoluň 2027-nji ýyla çenli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Taslama hususy maýadarlaryň gatnaşmagynda döwlet hyzmatdaşlygynyň ýörelgelerine laýyklykda durmuşa geçiriler. Gurluşyk döwründe stansiýalaryň 11-sini, köprüleriň 47-sini, demir ýollaryň 23-sini, ulag ýol geçelgeleriniň 8-sini, pyýada köprüleriniň 5-sini hem-de gözegçilik desgalarynyň 16-syny gurmak meýilleşdirilýär.