2024-nji ýylda iň ygtybarly awtoulaglaryň on sanysy mälim edildi
27.12.2024
Britaniýanyň awtoulag neşiri What Car? her ýylda geçirilýän awtoulaglaryň ygtybarlylyk reýtingini çap etdi, şoňa görä Audi A3, Kia Sportage we Lexus NX öňdäki orunlary eýeledi, bu barada gazeta.ru saýty habar berýär.
Ykjam premium-sedan Audi A3 diňe bir oýlanyşykly içerki dizaýny we dinamikasy bilen däl-de, eýsem ýokary ygtybarlylygy bilen hem täsir galdyrýar, muny ulagyň eýeleriniň köp sanly syndyr pikirleri tassyklaýar. Dizel ýangyjynda işleýän Kia Sportage krossoweri giň salony, baha bilen hiliň amatly utgaşmagy, şeýle hem gowy dolandyrylyşy bilen bilermenler toparynyň göwnünden turýar. Öňdäkileriň üçlügini Lexus NX ykjam krossoweri jemleýär, ol CT we RX modelleri (bir wagtda iki nesli bilen görkezilen) bilen birlikde, iň ygtybarly awtoulaglaryň on sanysynyň sanawyna girdi.