2023-nji ýylyň jemi boýunça Elektron ulag resminamalarynyň döwlet maglumat ulgamynda iň meşhur resminama ýol ýazgysy boldy. Bu barada «Sanly öwrülişik» atly metbugat maslahatynda ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Bakanow belledi.
— Geçen ýyl ýol ýazgysy Elektron ulag resminamalarynyň döwlet maglumat ulgamynyň esasy resminamasy bolan bolsa, şu ýyl ol elektron ýazgysy bolar. Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň 75 guramasy ulgama birikdirildi — diýip, ýolbaşçy belledi.
Dmitriý Bakanow ministrligiň indiki maksadynyň ahyrky elektron resminama akymyny almak üçin «Elekron ulag ýazgysy» («ETRAN») demir ýol ulgamyny elektron ulag resminamalarynyň dolanyşygy bilen utgaşdyrmakdan ybaratdygyny belledi.
— Mundan başga-da, indiki ýyldan başlap deňiz we derýa resminamalaryny elektron ulgamyna birikdirmek üçin degişli kanun hereket eder. Biz «FESCO», «Russiýanyň demir ýollary» kompaniýalary hem-de ýurduň maglumat goragy we ulag howpsuzlygy boýunça edarasy bilen bilelikde degişli synaglary geçireris — diýip, ministriň orunbasary sözüniň üstüni ýetirdi.
Dmitriý Bakanow dürli ulag görnüşleriniň arasynda ahyrky elektron resminama akymyny döretmek üçin synag möhletiniň 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde üstünlikli tamamlanjakdygyna ynanýar. — Biz Moskwa bilen Wladiwostogyň arasyndaky logistikanyň diňe ulaglaryň ähli görnüşleri bilen kagyzsyz resminamalary ulanmak arkaly amala aşyrylmagyny isleýäris — diýip, ýolbaşçy aýtdy.