BILDIRIŞ

20.12.2023

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we Mary welaýatynyň Mary şäherinde gurulýan elektron enjamlary bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançalary üçin zerur bolan ulag serişdelerini, okuw enjamlaryny we materiallary satyn almaklyk meýilleşdirýär.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenawtoulaglary» agentligine resmi ýüzlenme hat esasynda «Tehniki tabşyrygy» alyp bilersiňiz we ol boýunça teklipleriňizi 2024-nji ýylyň 3-nji ýanwaryna çenli «Türkmenawtoulaglary» agentligine resmi hat esasynda berip bilersiňiz.