Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, bu komitetiň ýapon böleginiň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň uly wekiliýeti Türkmenistana geldi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara dialogyň täze tapgyrynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, maliýe-maýa goýum gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Geljegi uly bilelikdäki taslamalar, önümçilik hyzmatdaşlygynyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Foruma iki ýurduň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, iki tarapdan hem işewürlik düzümleriniň ýolbaşçylary wekilçilik etdi diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, myhmanlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belläp, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň okgunly ösýän türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň oňyn durmuş-ykdysady syýasatynyň çäklerinde giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Geljegi nazara almak bilen, senagat pudaklary, hususan-da, gaz we nebithimiýa, ulag-kommunikasiýa ulgamlary, oba hojalygy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly, bilim, ylym, medeniýet we sungat, sport, syýahatçylyk babatda-da döwletara gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri öz ýurdunyň söwda-ykdysady, tebigy baýlyklar kuwwaty barada aýdyp, ugurlaryň giň toplumy boýunça bilelikdäki köptaraply gatnaşyklary, şol sanda infrastruktura ulgamlary ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Mejlisiň jemleri boýunça netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara, şol sanda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries Asia Pacific, Pte. Ltd.» (Singapur), «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) hem-de «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda «Garabogazkarbamid» zawodynda bejeriş we tehniki hyzmat ediş işi hakynda Çarçuwaly ylalaşyga; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Gap Inşaat Yatirim ve Dış Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) we «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda kuwwaty ýylda 1,155 müň tonna deň bolan karbamid önümçilik zawodynyň taslamasyny düzmek, üpjünçilik etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk barada Çarçuwaly ylalaşyga; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd» (Ýaponiýa), «ITOCHU Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd» kompaniýasynyň arasynda Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň üpjünçiligi we tehniki hyzmaty boýunça 3-nji Goşmaça ylalaşyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda Konwensiýa; Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.