Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany gutlag hatynda Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygy bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, doganlyk halklaryň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, Bahreýn Patyşalygynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik we rowaçlyk arzuw etdi.