«Ýüpek ýoly – 2023»: Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažy ikinji orna geçdi

13.07.2023

Halkara ralliniň Samara bilen Saratowy birikdiren altynjy tapgyry ýaryşyň dartgynlylygynyň iň ýokary derejesine öwrüldi.

Öňde bolsa ýene üç tapgyr galdy. Şol sebäpden hem, iň kiçi ýalňyşlyklaryň hem her biri türgeniň netijesine diýseň uly täsirini ýetirip biler.

T2 ýaryşynda iň gowy netije ýene-de Anton Melnikowda galýar. «Podmoskowýe» toparynyň «Toyota LC 200» kysymly awtoulagyny dolandyrýan Anton esasy bäsdeşleriniň biri bolan Ýewgeniý Suhowenkodan 9 minutlyk, Maksatmyrat Daňatarowdan 11 minutlyk arany açmagyň hötdesinden geldi. Leonid Petrow bolsa ondan 1 sagat çemesi yza galdy we umumy hasapda eýeleýän ornuny ýitirdi.

Indi Anton Melnikowyň iň esasy garşydaşy Maksatmyrat Daňatarow boldy. Bu iki ekipažyň netijeleriniň arasynda 46 minut tapawut bar. Munuň özi türkmen ekipažynyň ýeňşe ýetmek mümkinçiliginiň az däldigini görkezýär. Üçünji basgançakda ýerleşen Petrow bolsa türkmen ekipažlaryndan — Merdan Toýlyýewden hem-de Şamyrat Gurbanowdan öňde barýar. Altynjy orny Ýewgeniý Suhowenko eýeleýär.