Türkiýäniň söwda ministri Omer Bolat žurnalistlere beren interwýusynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň ýakyn ýyllarda özara söwda dolanyşygynyň mukdaryny iki esse artdyrmak üçin öz öňlerinde uly maksat goýandyklaryny aýtdy. O.Bolat 70-den gowrak türk kompaniýasynyň önümleri görkezilişe çykarylan Aşgabatdaky Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisinde özara söwda dolanyşygynyň häzirki mukdarynyň ýeterlik däldigini we ýurtlaryň ýyllyk 5 milliard dollarlyk sepgidi nazarlaýandyklaryny nygtady.
— Iki doganlyk ýurduň döwlet Baştutanlarynyň garaýyşlaryna laýyklykda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrarys. Özara söwda dolanyşygynda ýyllyk 2,5 milliard amerikan dollar ýeterlik däl. Orta möhletde söwda dolanyşygynyň ýyllyk mukdaryny 5 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi maksat edinýäris. Geljek ýylyň fewral-mart aýlarynda Ankarada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 8-nji mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça täze ýol kartasy kabul ediler – diýip, ministr belledi.
Mundan başga-da, O.Bolat türkmen tebigy gazyny Ýewropa ibermek we ýakyn wagtda möhüm şertnamalara gol çekilmegine garaşylýan himiýa pudagy boýunça alnyp barylýan gepleşikler barada maglumat berdi. Türkiýäniň hem-de Türkmenistanyň gümrük amallaryny kämilleşdirmek we iki ýurduň raýatlary üçin wiza düzgünlerini ýönekeýleşdirmek üçin babatda işjeň iş alyp barýandygy hem nygtaldy.
Türkmenistanyň Türkiýe üçin möhüm söwda hyzmatdaşydygyna ünsi çeken O.Bolat, türk gurluşyk kompaniýalary tarapyndan Türkmenistanda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň möhümdigini, şeýle hem Merkezi Geçelge arkaly özara söwdany giňeltmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi 6-njy dekabra çenli öz işini dowam eder.