M.Çakyýewe agentligiň edara-kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça tabşyryk berildi

09.12.2023

Şu ýylyň on bir aýynda «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça  alnyp barlan işleriň netijeleri 117 göterime barabar boldy. Bu barada 8-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew hasabat berdi.

Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 121,3 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 103,9 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 105,1 göterime deň boldy. Hasabat döwründe «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,5 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 117 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 199 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 105,2 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça hem 111,5 göterime barabar boldy.

Hasabatyň dowamynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada-da aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumy üçin niýetlenen önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berildi. Hasabatyň dowamynda daşary ýurtlar bilen ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri boýunça bilelikdäki iş toparlarynyň mejlisleriniň netijeleri barada aýdyldy. Şeýle hem agentligiň ýolbaşçysy hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumyny ösdürmäge bagyşlanyp geçirilen sergiler, forumlar we beýleki çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agentligiň ýolbaşçysyna gözegçilik edýän edara-kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.