Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy
29.11.2024

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün --- 28-nji noýabrda degişli Karara gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, resminama Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edildi.