Hormatly aragatnaşyk pudagynyň işgärleri!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi ata Watanymyzda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary durmuşa ornaşdyrmakda, aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan öz çäginde halkara ähmiýetli optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-kommunikasion merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýär. Bu taslamalar diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulgamlaryň wajyp şahasy bolup, goňşy döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine hem ýardam berýär. Biz dünýäniň ösen innowasion tehnologiýalaryna daýanyp, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrýarys, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn özgertmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-tehniki, hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri we iri taslamalary durmuşa geçirýäris.
Häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmek we döwrebaplaşdyrmak üçin düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem uly üns berilýär.
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ykdysadyýete geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti döretmek maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, «Elektron hökümet» ulgamyny doly derejede işe girizmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde kadalaşdyryjy hukuk namalary döwrebaplaşdyrylýar. Maglumat we telekommunikasiýa hyzmatlary babatda işleriň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagyny kämilleşdirmek çäreleri dowam etdirilýär. Milli şäher gurluşygynyň iň gowy däpleri, binagärligiň hem-de dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýan Arkadag şäherinde hem öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy.
Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaş ýurtlar bilen öz döwründe Gündogaryň we Günbataryň medeniýetlerini baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki şertlerde täzeden dikeldilmegine işjeň gatnaşýar hem-de öz goşandyny goşýar. Ýurdumyzda bu ugurda sebit hem-de ählumumy ähmiýetli maslahatlar, forumlar yzygiderli geçirilýär. Ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň ähmiýeti hem örän uludyr.
Hormatly aragatnaşykçylar!
Gadyrly myhmanlar!
Bu ýöriteleşdirilen halkara serginiň we ylmy maslahatyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda, olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn. Sizi telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.