Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular
07.11.2024
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
6-njy noýabrda bolan söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň depginli ösüşini bellediler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen şu ýylda geçirilen duşuşyklarynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garaldy.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýakyn geljekde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki duşuşyklary geçirmegi nazara almak bilen, daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler. Ministrler iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň wajypdygyny nygtadylar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň işine aýratyn üns berildi, onuň nobatdaky 18-nji mejlisini ýylyň ahyryna çenli geçirmek göz öňünde tutulýar.
Taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Medeniýet ulgamynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda bilelikdäki çäreleri, şol sanda «Iran Agro Food» sergisini, Çagalaryň dostlugy hepdeligini, zergärçilik boýunça ussatlyk sapaklaryny we ş.m. geçirmek barada ylalaşdylar.