10 aýyň jemine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
07.11.2024
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. TDH-nyň habar berşi ýaly, mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine ýurtda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.
Mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew garalýan döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde degişli maksatnamada bellenilen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Hasabatda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdanboşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler barada hem aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň çäklerinde durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň ugurlaryny nazara almak bilen, harby düzümleriň esasy meýilnamalaryna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň harby gullukdan boşadylmagynyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek meselesini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary öz gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.