Türkmenistanyň gurluşyk-senagat toplumy: ägirt uly mümkinçilikler
04.11.2024
3-nji noýabrda paýtagtymyzda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahat öz işine başlady. Söwda-senagat edarasy, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, “Türkmen energiýa forum” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralýan giň gerimli sergi gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň uly topary — ozaldan gelýän hyzmatdaşlaryň geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklanmalarynyň ýokarydygyny görkezýär. Şu gezekki sergä Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Hindistanyň kompaniýalary gatnaşýar.
Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Sergä we maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda häzirki döwürde eziz Watanymyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urup, dünýäniň kuwwatly, durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrülendigi bellenilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat pudagy hem ýokary depginlerde ösýär. Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion önümçilikleri döretmek, iri senagat kärhanalaryny gurmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ulgama sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak wezipeleri üstünlikli çözülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu serginiň we maslahatyň türkmen hünärmenleri bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, iki tarapa hem bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.
Soňra milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk, senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyryldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu pudaklaryň ösüşi okgunly häsiýete eýe boldy. Bu ugurdaky öňdengörüjilikli syýasat we işjeň halkara hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň durnukly ösüşi, ykdysady taýdan galkynmagy üçin amatly şertleri döredýär.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn strategiýanyň yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly harytlaryň giň görnüşlerini öndürmäge ýöriteleşen döwrebap senagat kärhanalary gurlup, ösen ulag düzümi kemala getirilýär hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy depginli alnyp barylýar. Dünýäde ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň biri hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabat Garaşsyz Watanymyzdaky giň gerimli özgertmeleriň nyşanyna öwrüldi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň birnäçe gözel desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünliklere beslenýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň innowasion esasda ösdürilmegine, ägirt uly tebigy baýlyklardan doly derejede peýdalanmaga, ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn özgertmäge, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän amatly durmuş düzümleri kemala getirilen döwrebap şäherleri we obalary gurmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmekde gurluşyk-senagat toplumyna aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, sergä gatnaşyjylaryň we onuň myhmanlarynyň kaşaň edara binalary, bilim, sport desgalary, söwda-dynç alyş merkezleri, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler, myhmanhanalar, sport-sagaldyş, lukmançylyk merkezleri, ýokary tizlikli awtomobil ýollary we beýlekiler şöhlelendirilen taslama çyzgylaryna, bannerlere ilkinji nobatda üns bermekleri tötänden däldir. Bu sergi diňe bir hünärmenlerde däl, eýsem, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda hem gyzyklanma döredýär.
2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň birinji tapgyry ulanmaga berildi. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň taryhynda däl, eýsem, dünýäniň şähergurluşygynda-da möhüm ähmiýetli waka boldy. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan we kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesine eýe bolan täze şäheriň birinji tapgyrynyň çäklerinde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň ýokary depginde alnyp barylmagy milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly mümkinçiliklere we kuwwata eýedigini tassyklaýar. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän şäheriň durmuş ulgamy öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan “akylly” şäher konsepsiýasynyň nusgasydyr. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň we onuň sanly gurşawynyň işlenip taýýarlanylmagynyň ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary üçin öz nazary bilimlerini, täzeçil tekliplerini we pikirlerini iş ýüzünde ulanmak üçin özboluşly mekdep bolandygy bellärliklidir.
Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär. Täsin şähere iri halkara guramalaryň, birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň sylaglarynyň 20-den gowragy gowşuryldy.
Gurluşyk senagatynyň ösdürilmegi döwlet ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda gurluşyk pudagynyň düzümlerini giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan häzirki zaman kärhanalaryny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly harytlaryň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär. Bu ugurda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde ilaty we gurluşyklary ýerli çig malyň esasynda öndürilen ýokary hilli senagat önümleri bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik döredi. Pudagyň kärhanalarynda sement, magdan däl gurluşyk serişdeleri, diwarlyk paneller, timarlaýyş, gidroizolýasiýa materiallary, metal önümleri, aýna, gurnama demir-beton önümleri, keramzit, kaolin we beýleki gurluşyk serişdeleri öndürilýär. Bildirilýän talaplara laýyklykda, gurulýan desgalarda hem-de olaryň bezeg işlerinde diňe ýokary hilli serişdeler ulanylýar. Olar saýlanyp alnanda, ýurdumyzyň howa şertleri, ekologik kadalara laýyk gelşi, berkligi, ulanyşda amatlylygy göz öňünde tutulýar.
Giň sergi pawilýonlarynda milli senagat pudagynyň esasy wekilleri we bu ugurdaky işleri üstünlikli özleşdirýän kiçi hususy kärhanalar tarapyndan öndürilýän, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşleri görkezildi. Bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmek, bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak ugruny saýlap alan Türkmenistan telekeçilik işini, işewür toparlaryň işjeňligini hemmetaraplaýyn höweslendirýär, kiçi we orta telekeçiligi netijeli ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertlerini döredýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary halkara hil standartlaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalary döretmäge, senagat, durmuş-medeni maksatly dürli desgalaryň gurluşyklaryna işjeň gatnaşýarlar. “Geljege Miras”, “Demir ölçeg”, “Maksatly gerçek”, “Yhlas Kagyz”, “Arap ulagy”, «Ajaýyp gurluşyk», «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanalary, “Rysgally Nesip”, “Elektron Ylhamy”, “Oguzabat”, “Ak bulut”, “Ynamly ojak”, “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýetleri we ýurdumyzda meşhurlyk gazanan beýleki kärhanalar döwlete dahylly bolmadyk pudagyň gurluşyk pudagyndaky kuwwatyny we mümkinçiliklerini görkezdi. «Paýhas Merkezi» hojalyk jemgyýeti senagat kärhanalaryna ýokary hilli inženerçilik-tehniki hyzmatlary hödürlemekde, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, senagat enjamlaryny gurnamakda we işe girizmekde goldaw bermek bilen, Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşine mynasyp goşant goşýar.
Awtomobil ýollarynyň gurluşygy, ýük daşamak, söwda, elektroenergetika ýaly beýleki möhüm ugurlarda telekeçiligiň paýy ýylsaýyn artýar. Türkmen telekeçileri döwletiň uly goldawyndan ruhlanyp, işiň täze ugurlaryny, şol sanda elektron senagaty hem özleşdirýärler. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde döredilen «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümleri ýurdumyzda giňden meşhurdyr. Bu hojalyk jemgyýeti öňdebaryjy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, elektron enjamlary öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy tejribesini özleşdirip, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň, şol sanda kompýuterleriň, monobloklaryň, smartfonlaryň, routerleriň, smart-telewizorlaryň, sowadyjylaryň we beýlekileriň önümçiligini ýola goýdy. Umuman, ekologik taýdan arassa, ýokary tehnologiýaly, şol bir wagtyň özünde ýokary hilli önümleriň önümçiligi, olaryň halkara ülňülere doly laýyk gelmegi ýurdumyzyň gurluşyk we senagat ulgamynyň daşary ýurtlarda uly abraýyny üpjün edýär.
Sergä gatnaşýan daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilçilikli düzümi iň gowy dünýä tejribelerini we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge uly ähmiýet berýän Türkmenistanyň okgunly ösýän bazaryna gyzyklanmalaryň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary, önümlerini görkezmäge we köpugurly serginiň myhmanlaryny dürli ugurlarda hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik alan, işe ýaňy başlan täze kärhanalar bar. Gurluşyk işi we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, iri senagat desgalarynda tehniki enjamlary gurnamak bilen meşgullanýan kompaniýalaryň diwarlyklary aýratyn üns merkezinde boldy. Şeýle hem sergi meýdançasynda ýurdumyzyň elektroenergetika, awtomobil ýollarynyň gurluşygy, himiýa senagaty pudaklarynda gazanan üstünlikleri görkezildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň sergi bölümindäki ekranlarda ýol-ulag düzüminiň taslamalary durmuşa geçirilende işjeň ulanylýan kuwwatly gurluşyk tehnikalarynyň nusgalary bar. Ýol gurluşygynyň meýilnamalary üstaşyr ulag geçelgelerini giňeltmek, geografik taýdan amatly ýerleşýän ýurdumyzyň multimodal ulag geçelgeleriniň sebit we halkara ulgamyna işjeň goşulyşmagy boýunça öňde goýlan wezipeleriň çözülmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň uglewodorod, mineral we gidromineral çig mallarynyň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryndadygyny nazara almak bilen, ýurdumyzda himiýa senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň meselelerine-de uly üns berilýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynda içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli himiki serişdeleriň, şol sanda mineral dökünleriň önümçiligi ýola goýuldy. Şol bir wagtda iň köp isleg bildirilýän önümleriň görnüşlerini yzygiderli artdyrmak üçin işjeň çäreler görülýär.
Milli ykdysadyýetiň çalt depginde senagatlaşdyrylmagynda elektroenergetika pudagyna hem möhüm orun degişlidir. Bu ugurda durmuşa geçirilen giň möçberli özgertmeleriň netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalary guruldy, olaryň öndüriji kuwwatlyklary birnäçe esse artdyryldy, elektrik geçiriji ulgamlar täzelenildi. Munuň özi diňe bir Türkmenistanyň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlara elektrik energiýasyny eksport etmek mümkinçiligini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berdi. Şunuň bilen birlikde, iri halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň taslamasy şolaryň iň möhümleriniň biridir. Onuň amala aşyrylmagy diňe bir goňşy döwletde durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna däl, eýsem, tutuş sebitiň hem durmuş-ykdysady ösüşine goşant goşar.
Şeýlelikde, bu gezekki serginiň esasy maksady ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny ösdürmekde gazanylýan üstünlikleri hem-de ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berýän uly kuwwatyny görkezmekden ybaratdyr.
***
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada giňişleýin pikir alşyldy. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, türkmen telekeçileri, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda täze ösüş meýilleri, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň geljegi plenar mejlisiň esasy mowzugy boldy.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli maksatnamalaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklary okgunly ösüş ýoluna düşdi. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi ýokary derejelerde saklanýar. Ýurdumyzyň özygtyýarly ösüş ýyllarynda gurluşyk we senagat toplumyny innowasion taýdan ösdürmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň kuwwatly infrastrukturasyny kemala getirmek boýunça uly işler bitirildi. Hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga, pudagyň ylmy-tehniki binýadyny berkitmäge, oňa netijeli dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Çykyşlarda Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolmak, «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek bilen, ykdysady gatnaşyklaryň gerimini ynamly giňeldýändigi, özara bähbitlilik ýörelgesi esasynda netijeli dialogy ýola goýmaga hemmetaraplaýyn taýýardygy bellenildi.
Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize, ýurdumyzyň Hökümetine gurluşyk we senagat toplumyny ösdürmäge berilýän uly üns hem-de ynanyşmak esasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Forumyň işi iki günüň dowamynda «Uglewodorod serişdeleriniň monetizasiýasyny we diwersifikasiýasyny çaltlandyrmak», «Binagärlikde we şäher gurluşygynda häzirki zaman meýilleri: «akylly» şäher Arkadag — geljegiň we mümkinçilikleriň şäheri», «Gurluşyk we senagat: ýokary hilli gurluşyk materiallaryny öndürmek we täze infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmek», «Gurluşygyň, senagatyň ösüşinde we awtomobil ýollarynyň gurluşygynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň orny», «Tehnologik innowasiýalar we Türkmenistanyň senagat, gurluşyk, energetika pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak» atly mowzuklaýyn mejlisleriň bäşisinde dowam eder. Olara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary sanly ulgam arkaly gatnaşarlar. Şeýle hem forumda gurluşyk, senagat toplumynyň düzümindäki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirilýär. Munuň özi täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, möhüm ugurlarda toplanan tejribeleri paýlaşmaga ýardam berer.
Daşary ýurtly myhmanlar üçin Aşgabat şäheriniň gözel künjeklerine tanyşlyk gezelençleri guraldy.
Üç günlük forum öz işini tamamlandan soňra, «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergä gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasy, forumyň netijeleri boýunça metbugat maslahaty geçiriler.