Uhnaagiýn Hurelsuh Serdar Berdimuhamedowy Mongoliýa döwlet sapary bilen çagyrdy
02.11.2024
Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Mongoliýa döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy. Bu barada mongol Liderinden türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyna gelip gowşan hatda aýdylýar.
TDH-nyň habar berşi ýaly, Mongoliýanyň Prezidenti iberen hatynda, hususan-da, şeýle belleýär:
Hormatly Prezident!
Size, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetine we dostlukly halkyna Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygy, taryhyň we medeniýetiň merkezi, Aziýany hem Ýewropany birleşdirýän ajaýyp ýurduňyza baryp görmäge çakylyk we döwlet saparymyň dowamynda biziň wekiliýetimize bildirilen dostlukly myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmek isleýärin.
Türkmenistana saparymyň barşynda Merkezi Aziýanyň merjeni hasaplanýan ak mermerli paýtagtyňyz, Siziň ýurduňyzyň täsin tebigy aýratynlyklary, okgunly gülläp ösüşi, türkmen halkynyň myhmansöýerlik däpleri mende uly täsir galdyrdy. Şeýle hem beýik türkmen şahyry we akyldary, Gündogar edebiýatynyň, tutuş siwilizasiýanyň ösüşine uly goşant goşan, nusgawy türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara foruma hormatly myhman hökmünde gatnaşandygyma buýsanýaryn. Siziň bilen dostlukly we işewürlik ýagdaýynda geçirilen resmi gepleşikler üçin hoşallygymy bildirýärin. Olaryň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Bilelikdäki Beýannama kabul edilip, onda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi we ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Saparyň dowamynda iki ýurduň Hökümetleriniň we guramalarynyň arasynda hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy hem-de resminamalara gol çekilmegi Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasynda oba hojalygy, ulag, logistika, syýahatçylyk, medeniýet, bilim ýaly köp ugurlarda gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant bolar diýip hasap edýärin.
Hormatly jenap Prezident!
Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we ösdürmegiň çäklerinde Siz üçin islendik amatly wagtda gadymy taryha, baky arassa asmana hem-de ümmülmez giňişliklere eýe bolan ajaýyp ýurdumyza döwlet sapary bilen gelmäge çagyrýarys.
Hormatly jenap Prezident!
Size we maşgalaňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa abadançylyk arzuw edýärin.