Howa gatnawy esasynda ýükleriň daşalmagyna isleg artýar

25.11.2023

Halkara howa gatnawy assosiasiýasynyň (IATA) maglumatlaryna görä, global raýat awiasiýasynyň ýük dolanyşygy geçen ýyl bilen deňeşdirilende sentýabr aýynda 1,9 % ýokarlandy we 20,8 milliard tonna kilometr netije görkezildi. Howa ýük daşalşyna bolan islegiň artmagy yzygiderli ikinji aýa uzady. Ýakyn Gündogar awiakompaniýalarynda söwda dolanyşygyny 2,5 %, Latyn Amerikanyň awiakompaniýalarynda bolsa 2,3 % ýokarlandyrdy. Demirgazyk Amerikanyň we Ýewropanyň awiakompaniýalary bolsa ýük daşamagyň mukdaryndaky iň bir pese gaçyşyny başdan geçirýärler: Demirgazyk Amerikadaky ýük dolanyşygy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2,2 % azalsa, Ýewropada 2022-nji ýylyň sentýabr aýy bilen deňeşdirilende 1,5 % pese düşdi.

Afrika awiakompaniýalarynyň howa gatnawy 0,1 % azaldy. Muňa garamazdan, sentýabrda Afrika — Aziýa ugurlarynda islegiň ep-esli ýokarlanmagy hasaba alyndy (+12,8 %).