Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady
27.10.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Lyong Kyonga Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Lyong Kyonga tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat hem-de Wýetnamyň halkynyň öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.