Gazagystanyň Hazar deňzindäki Aktau we Kuryk portlaryny olaryň iş ýükini üpjün edip biljek hususy kompaniýanyň dolandyryşyna geçirmäge taýýardygyny «Interfax» habar berýär.
«Bizde möhüm portlaryň ikisi bar. Biz olary hususy kompaniýanyň ynamdar dolandyryşyna geçirmäge taýýardyrys» — diýip, Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýew global maýa goýumlary boýunça tegelek stolda aýtdy. «Eger portuň iş ýüki doly üpjün ediljek bolsa biz ony hususy sektora geçirmäge taýýardyryrys» — diýip, ministr sözüniň üstüni ýetirdi. Mundan başga-da, Ulag ministrliginde degişli konsepsiýalaryň ýüze çykan ýagdaýynda aksiýalary satmak bilen bagly meselelere hem seredilýändigini habar berilýär.
Aktau söwda deňiz portunyň ýeke-täk paýdary Gazagystanyň dürli pudaklaryndan möhüm kärhanalary birleşdirýän «Samruk-Kazyna» maýa goýum holdingidir. 2013-nji ýylyň noýabryndan bäri Aktau portunyň paýnamalary «Samruk-Kazynynyň» kärhanasy bolan «Gazagystan temir žoly» milli kompaniýasynyň dolandyryşyndadyr.