Si Szinpin: «Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin»

23.10.2024
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpinden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. "Türkmenistan" gazetinde çap edilen hatynda HHR-iň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 75 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag haty üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edýär. — Geçen ýyl biz Siziň bilen iki gezek duşuşdyk, bilelikde hytaý-türkmen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmak, şeýle hem ikitaraplaýyn derejede “Bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasyny durmuşa geçirmek barada ylalaşdyk. Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin hem-de kuwwatly döwleti gurmak maksadyndan ugur alyp, iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasyny bilelikde durmuşa geçirmek üçin tagalla etmäge taýýardyryn — diýip, Si Szinpin ýollan hatynda belleýär. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hatynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistana ösüş hem-de rowaçlyk, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýär.