Türkmenistanyň Daşary işler ministri Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we transport ministri bilen duşuşdy

19.10.2024
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we transport ministri Sangwo Park bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ulag-tranzit we logistika infrastrukturasyny döretmek boýunça başlangyç taslamalaryna laýyklykda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň, esasanam awtoulag pudagyndaky üstünlikleri bellenildi. Duşuşykda şähergurluşyk, seýsmologiýa we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.