2024-nji ýylda suwdan aşakdaky bölegi 4 metrden gowrak bolan gämiler Wolga — Hazar deňzi gämi kanalyndan geçip başlar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň birinji orunbasary Andreý Belousow «Ulag hepdesi 2023» forumynyň çägindäki «Russiýa 2035: täze ulag ykdysadyýetine tarap» atly plenar mejlisinde aýtdy.
— Bu — köp zähmeti, belki-de bu bölümdäki ähli güýji talap edýän işleriň uly toplumy. Emma kanalyň özi ýurtdaky ýük akymynyň ykdysadyýetini düýpgöter üýtgeder. Eýýäm ýük daşaýjylar bu ugur boýunça Eýrana haryt iberip başlamak üçin nobata durýarlar — diýip, ýolbaşçy belledi. «Росморпорт» (Russiýanyň deňiz porty) Federal döwlet unitar kärhanasynyň baş direktory Sergeý Pyliniň sözlerine görä, Wolga — Hazar deňzi gämi kanalynyň düýbüni çuňlaşdyrmak işleriniň çäklerinde 10 million kub metrden gowrak toprak göterilipdir. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bu işe dürli görnüşdäki gämileriň 18-si gatnaşypdyr.
— Öňki tapgyrlarda şeýle işleriň göwrümi takmynan 3 million kub metr bolup, geçen ýyl 5 million kub metre ýetdi. Gazuw işleriniň güýçlendirilmeginiň esasy sebäbi bolsa Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi bilen baglydyr. Ol her ýyl ortaça 20 santimetr aşak düşýär — diýip, Pylin nygtaýar.
Geçirilen işleriň täsiri Astrahan sebitiniň Senagat, söwda we energiýa ministrliginde-de duýuldy. Bu ýerde 2023-nji ýylyň başyndan bäri Russiýanyň Hazar basseýnindäki ýük portlarynyň ýük dolanyşygynyň ýokarlanandygy hem bellenip geçildi. Astrahan portlarynda bu işiň ösüş depgini 58 %, Olýa portunda 15 %, Mahaçkala portunda bolsa 18 % boldy. Gämi dolanyşygy 87 % ýokarlandy. Kuwwatyny artdyrmak üçin Wolga — Hazar deňzi gämi kanalynyň durkunyň täzelenmeginiň 2027-nji ýyla çenli meýilleşdirilendigi hem KHBS-de habar berilýär.