Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

18.10.2024
16-njy oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň we geljek üçin uzak möhletleýin meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň çäginde türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek kesgitlenildi. Bu ugurda haryt dolanyşygyny artdyrmak we özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler bar. Energetika we ulag ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklige uly ähmiýet berilýändigi beýan edildi. Şu nukdaýnazardan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamalaryny durmuşa geçirmekde bilelikdäki işleri güýçlendirmegiň möhümdigi bellenildi. Energetika we ulag pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamak boýunça işleriň tamamlanmagyna aýratyn üns berildi. Duşuşygyň barşynda Asif Ali Zardari Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşantlary üçin özüniň hormatyny we hoşallygyny beýan etdi.