Aşgabatda GDA-nyň Zähmet we durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçiriler

17.10.2024
2024-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda GDA ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Zähmet, iş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçiriler – diýip, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň esasy meseleleri ilaty durmuş taýdan goramak we zähmet pudagynda döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek we Arkalaşygyň ykdysady guramalary bilen özara gatnaşyklary güýçlendirmekden ybaratdyr. Mejlise gatnaşyjylar zähmet kanunçylygynyň kämilleşdirilişiniň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, şeýle hem zähmet bazaryndaky ýagdaýa seljerme bererler, GDA ýurtlarynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlary goldamak babatdaky çärelere gararlar. Mejlisiň dowamynda zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmeklige gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Kabul ediji ýurt hökmünde Türkmenistan bu ugurda gazanylan sepgitler hakda we ýurduň ilaty durmuş taýdan goramak syýasatyny durmuşa geçirmekdäki ösüşleri barada giňişleýin maglumatlary berer.