Ýewraziýanyň iň uly awtosport ýaryşyna gatnaşyjylar umumy geçilmeli menziliň ýaryndan gowragyny külterlediler. Şunlukda, «Ýüpek ýoly – 2023» rallisiniň pellehanasyna çenli ýene 4 tapgyr galdy.
Halkara rallisiniň bäşinji tapgyry Orenburg we Samara aralygyndaky 557 kilometrlik ugry birikdirdi. Bu gezek ýörite niýetlenen bölegiň uzynlygy hem 226 kilometre barabar boldy.
Ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglaryň T2 ýaryşynda umumy hasap boýunça «Toyota LC 200» kysymly awtoulagy bilen öňde barýan Anton Melnikow iň gowy netijäni görkezdi. «Podmoskowýe» toparynyň ekipažy şunuň hasabyna Leonid Petrow bilen aralygyny 33 minuda çenli artdyrmagy başardy.
Umumy hasap boýunça şondan soňky orunlary «Nissan Patrol» awtoulagynda çykyş edýän Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň üç ekipažy eýeleýär. Maksatmyrat Daňatarow üçünji, Merdan Toýlyýew dördünji, Şamyrat Gurbanow bolsa bäşinji orunlarda barýarlar. Altynjy orny bolsa Mansur Ýenikeýew bilen Dmitriý Woronowy yzda galdyrmagyň hötdesinden gelen «LADA Sport ROSNEFT Raid» toparynyň sürüjisi Ýewgeniý Suhowenko özünde saklaýar.